Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men altynjy ýylda ýere şeýle bir bereket indererin welin, ol iki ýyla ýeterlik hasyl berer. Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň. Diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb mülk edip berjek ýerinde size bereket berer. Siziň araňyzda mätäç bolmasyn. Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar.
Выбор основного перевода