Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. Patyşa ondan: «Näme arz-şikaýatyň bar?» diýip sorady. Aýal şeýle jogap berdi: «Bu aýal maňa: „Sen öz ogluňy ber, biz şu gün ony iýeris, ertir bolsa meniň oglumy iýeris“ diýdi. Şeýdip, biz meniň oglumy bişirip iýdik. Ertesi gün men oňa: „Ogluňy ber, iýeli“ diýdim. Emma ol ogluny gizläpdir». Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“. Seret, ýa Reb, halkyňyň halyna bak! Kimi beýle güne salanyňy gör! Aýallar öz dogran eziz çagalaryny iýsinlermi? Ruhany we pygamber mukaddes öýüňde öldürilsinmi? Ýuka ýürek aýallar çagalaryny öz elleri bilen özleri bişirdi. Eziz halkymyň heläkçilik gününde çagalary olara iýmit boldy.
Выбор основного перевода