8
Hudaýyňyz Rebbi söýüp, hemişe Onuň ýolundan ýöräp, meniň bu günki size berýän buýruklarymyň ählisini yhlas bilen berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, ýeriňizi giňelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähli ýerini size berer. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berjek ýerinde bigünä adamyň gany dökülmez ýaly, bigünä ganyň astynda galmazyňyz ýaly, bu üç galanyň üstüne ýene-de üç gala goşuň.