Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa--da, dowla düşüp gaçarsyňyz. Sizi kowalaýan bolmasa-da, gylyçdan gaçýan dek, biri-biriňize büdreşip ýykylarsyňyz, sizde duşmanlaryňyza garşy durmaga mejal galmaz. Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapa gaçarlar. Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, iki kişi on müňüsini gaçyrar? Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi. Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň ogly Manaşanyň Iýerusalimde eden işlerinden ýaňa bütin dünýäniň patyşalyklaryny howp astyna salaryn. Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal.
Выбор основного перевода