Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Emma Aşur patyşasy Hoşeýanyň dönüklik edýänini gördi, çünki Hoşeýa Müsür patyşasy Sonuň ýanyna çaparlar ýollapdy hem-de ol her ýylkysy ýaly Aşur patyşasyna tölemeli salgydyny tölemändi. Şonuň üçin hem Aşur patyşasy ony tutup tussaghana saldy. Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda Aşur patyşasy Samariýany basyp alyp, ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Habor derýasynyň ýakasyndaky Gozanda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy. Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady. Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler. Janpenalaryň baştutany Nebuzaradon halkyň şäherde aman galanlary, Babyl patyşasynyň tarapyna geçen gaçgaklary we beýleki galan ilaty ýesir edip äkitdi. Manaşa patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi. Munuň üçin Men sizi bu ýurtdan çykaryp, özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamaýan ýurduna taşlaryn. Ol ýerde gije-gündiz başga hudaýlara gulluk edersiňiz, Men size merhemet etmerin“.
Выбор основного перевода