Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer. Duşmanlaryňyzyň ýurtlarynda diri galanlaryňyzyň ýüreklerine Men şeýle bir gorky salaryn welin, hatda ýapragyň şemala şygyrdaýan sesi-de sizi gaçmaga mejbur eder. Siz gylyçdan gaçýan ýaly gaçarsyňyz. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, bar ýaly bolup gaçarsyňyz. Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“ diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“ diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär. Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de, ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer. Men olardan nazarymy aýyrmaryn, emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin».
Выбор основного перевода