Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin». Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn. Eger siz Meniň parzlaryma eýerip, tabşyryklarymy saklap, olary ak ýürekden berjaý etseňiz, Men siziň ýerleriňize gerek wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Ýer hasyl berer, meýdan agaçlary-da miwe getirer. «Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada eden ähtine sadyk galar. Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer. Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz. Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar. Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar. Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».
Выбор основного перевода