Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer. Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da, Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода