Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýeşuwa we ysraýyllar Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli hanlary, Liwan jülgesindäki Bagalgatdan Segir bilen ýanaşyk Halak dagyna çenli ýerleri basyp aldylar. Ýeşuwa ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça mülk edip paýlap berdi. Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler. Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar. Ine, şular Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Şiloda Rebbiň huzurynda Ysraýyl tirelerine bije boýunça paýlap beren mülk ýerleridir. Şeýlelik bilen, olar ýerleri paýlamak işini tamamladylar. Ýadyňyzdadyr, men bu milletleriň we basyp alan beýleki milletlerimiň ähli ýerlerini, Iordan derýasyndan Ortaýer deňziniň günbataryna çenli bolan aralygy siziň tireleriňize bije boýunça mülk edip paýlap berdim. Milletleri kowup Öz eliň bilen, Sen atalarymyza ýer berdiň. Halklary wes-weýran edip, Sen atalarymyzy ýaýratdyň. Olaryň topragyny miras hökmünde beren Oldur, Onuň söýgüsi baky.
Выбор основного перевода