Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär? Kämil gezýän, dogry iş edýän, hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän, dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän; onuň nazarynda ret edilen ýigrenji, emma sylaýandyr Rebden gorkýany; eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän; Reb Musa şeýle diýdi: «Bu halk haçana çenli Meni äsgermän gezjekkä? Aralarynda görkezen ähli alamatlarymy görübem, bular haçana çenli Maňa ynanmakdan boýun towlajakkalar? Emma siz şonda-da gijesine ot, gündizine bulut görnüşinde düşlejek ýeriňizi, ýörejek ýoluňyzy görkezip, öňüňizden gidýän Hudaýyňyz Rebbe ynam etmediňiz“». Sebäbi olar Hudaýa iman etmedi, Onuň halas ediş güýjüne bil baglamady.
Выбор основного перевода