Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin. Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler. Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“». Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplara we suw howdanlaryna urup, gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi. Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi. Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar. Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi. Musa faraona: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi. Faraon hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň. Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, diňe Nil derýasynda galar» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyndan gaýtdylar. Musa faraonyň üstüne çozduran gurbagalaryny ýok etmegini sorap, Rebbe dileg etdi. Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler. Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy. Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar. Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň. Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“». Reb şeýle hem etdi. Faraonyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy. Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi, çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.
Выбор основного перевода