Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny, Ham ýurdunda – gudratlaryny. Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy, Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi. Ol olaryň suwuny gana öwürdi. Olaryň balyklaryny gyryp taşlady. Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da, gurbagalardan dos-doly boldy. Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi, çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy. Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy, tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy. Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy, ýurtlaryndaky agaçlary çym- -pytrak etdi. Ol buýurdy: çekirtgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi. Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi, topragynyň hasylyny ýuwutdy. Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary – bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny. Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de, Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi. Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.
Выбор основного перевода