Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi. Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi. Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi öň hiç haçan bolan däldir, indi hem bolmaz. Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady. Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim. Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi. Şeýdip, Musa faraonyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi. Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän ýele öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňze getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady. Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi. Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi. Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsür ýurdy üç günläp garaňka gaplandy. Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy. Soň faraon Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi. Emma Musa: «Sen Hudaýymyz Rebbe mal-garalarymyz bilen sadakalarymyzdyr ýakma gurbanlyklarymyzy bermäge-de rugsat etmelisiň.
Выбор основного перевода