Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler. Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler. Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler. Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler. Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler. Kämil ýoldan ýöreýänler, Rebbiň kanunyna görä ýaşaýanlar bagtlydyr! Onuň düzgünlerini saklaýanlar, tutuş kalby bilen Ony agtarýanlar bagtlydyr! Olar nähak işi etmeýär, olar Onuň ýollaryndan ýöreýär. Buýruklaryňy yhlasly berjaý etmegi, Sen emr etdiň. Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym. Şonda tabşyryklaryňa nazar salanymda, men utanmaryn. Adalatly hökümleriňi öwrenen çagym, päk ýürekden Saňa öwgi aýdaryn. Seniň parzlaryňy berjaý ederin, bütinleý terk etmegin meni. Ýaş ynsan ýoluny nädip päk saklap biler? Ony Seniň sözüňe görä goramak bilen. Seni agtarýaryn tutuş ýüregim bilen, meni tabşyryklaryňdan azaşdyrma Sen. Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym. Ýa Reb, Saňa alkyşlar bolsun! Maňa öwret Sen Öz parzlaryňy. Agzyňdan çykan adalatly hökümleriň baryny, men dilim bilen yglan edýärin. Seniň düzgünleriňden lezzet alýaryn, göýä ähli baýlyga eýe bolan ýaly bolýaryn. Buýruklaryň barada men oýlanaryn, Seniň ýollaryňa dykgat bererin. Parzlaryňdan lezzet alaryn, Seniň sözüňi men unutmaryn. Ýaşap, sözüňi saklap bilerim ýaly, Sen bendäňe et jomartlygy. Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlermi. Men bir gelmişek ýeriň ýüzünde, Öz tabşyryklaryňy gizleme menden. Adalatly hökümleriňe bolan küýsegim, elmydama pagyş-para edýär meniň ýüregim. Sen käýeýärsiň tabşyryklaryňdan azaşanlara: tekepbirlere hem-de lagnatlylara. Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn. Hökümdarlar oturyp, maňa garşy dil birikdirýär, bendäň bolsa parzlaryň barada oý-pikire batýar. Seniň düzgünleriň – keýpiköklügim, olar meniň – geňeşdarlarym. Meniň janym gara ýere ýapyşýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa ber ömri. Men beýan edenimde öz ýollarymy, Sen maňa berdiň jogaby; öwret maňa Öz parzlaryňy. Maňa düşündir Öz düzgünleriňiň ýoluny, ajaýyp işleriň barada men oýlanaýyn. Gaýgy-gamdan ýaňa janym basylýar, Öz sözüňe laýyklykda maňa kuwwat ber. Ýalan ýollary menden uzak et, merhemetiň bilen maňa kanunyňy öwret. Wepalylyk ýoluny men saýlap aldym, Seniň adalatly hökümleriňi öňümde goýdum. Ýa Reb, düzgünleriňden mäkäm ýapyşdym, Sen meni utanja goýma. Tabşyryklaryňyň ýolundan ylgaýaryn men, çünki Sen kalbymyň düşünjesini giňeltdiň. Ýa Reb, parzlaryňyň ýoluny öwret, men ony ahyra çenli saklaryn. Maňa düşünje ber kanunyňy berjaý ederim ýaly, ony tutuş ýüregim bilen saklarym ýaly. Tabşyryklaryňyň ýolundan Sen meni ýöret, çünki men ondan alýaryn lezzet. Diňe öz bähbidimi aramaz ýaly, Öz düzgünleriňe tarap öwür ýüregimi. Boş hysyrdylardan sow gözlerimi, Öz ýollaryňda maňa ber ýaşaýyşy. Özüňden gorkýanlara berdiň wadany: men–bendäň babatda hem tassykla ony. Menden sow gorkýan masgaralygymy, çünki Seniň adalatly hökümleriň ýagşydyr. Jan-tenden küýseýärin buýruklaryňy, Öz dogrulygyňda maňa ber ýaşaýyşy. Ýa Reb, Öz beren wadaňa görä, sadyk söýgiň gelsin, halas et meni. Şonda özümi ýaňsylanlara jaýdar jogap bererin, çünki Seniň sözüňe bil baglaýandyryn. Hakykat sözüni bütinleý alma agzymdan, çünki adalatly hökümleriňe umyt baglaýandyryn. Men dyngysyz, baky, ebedi Seniň kanunyňy berjaý ederin. Men Seniň buýruklaryňy agtardym, şonuň üçin erkanalykda gezerin. Şalaryň öňünde düzgünleriňi aýdaryn, hiç utanmaryn. Seniň tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn, çünki olary men söýýändirin. Tabşyryklaryňy söýüp, olara tarap ellerimi gerýärin, parzlaryň barada oýa batýaryn. Öz bendäňe beren sözüňi ýatla, ol arkaly umyt berensiň maňa. Ol darygan günümde meniň tesellim, çünki Seniň wadaň maňa ýaşaýyş berýär. Tekepbirler meni köp ýaňsylaýar, şonda-da kanunyňdan ýüz öwürmeýän. Gadymy adalatly hökümleriň barada oýlananymda, ýa Reb, men tapýaryn teselli. Kanunyňy terk edýän erbetleri görenimde, gahar-gazap gurşaýar meni. Gelmişek bolup ýaşan her bir ýerimde, Seniň parzlaryň aýdymym boldy. Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn, Seniň kanunyňy berjaý edýärin. Men şeýle durmuşy amal edýärin: buýruklaryňy berjaý edýärin. Reb – meniň paýym Seniň sözüňi saklamagy men wada etdim. Tutuş kalbym bilen Saňa ýalbarýaryn: «Öz wadaňa görä, maňa merhemet eýle». Öz ýollarym barada oýlananymda, gadamymy düzgünleriňe tarap öwürdim. Tabşyryklaryňy berjaý etmeklik üçin alňasap, olary gijikdirmedim. Erbetleriň tanaplary maňa duzak bolsa-da, Seniň kanunyňy men unutmadym. Seniň hökümleriň adalatlydygy üçin, ýary gije turup, Saňa öwgi aýdýaryn. Senden gorkýanlaryň baryna, buýruklaryňy berjaý edýänleriň baryna hemra bolýaryn. Ýa Reb, ýeriň ýüzi sadyk söýgiňden doly, maňa öwret Öz parzlaryňy. Ýa Reb, wadaňa görä, Öz bendäňe etdiň Sen ýagşylygy. Maňa öwret paýhas bilen bilimi, çünki tabşyryklaryňa men iman etdim. Ejir çekmezden öň men azaşypdym, emma indi Seniň sözüňi berjaý edýärin. Sen ýagşysyň, edýärsiň ýagşylyklary, maňa öwret Öz parzlaryňy. Tekepbirler maňa myjabat atýar, men bolsa tutuş kalbym bilen buýruklaryňy berjaý edýärin. Olaryň ýürekleri daşa öwrüldi, hiç zat duýmaýar, men bolsa kanunyňdan lezzet alýaryn. Seniň parzlaryňy öwrenmek üçin, ejir çekenim maňa ýagşylyk boldy. Seniň agzyňyň sözlän kanuny maňa müňlerçe altyn-kümüşden gowy. Seniň elleriň meni ýaradyp, maňa durk berdi, tabşyryklaryňy öwrenerim ýaly ber düşünjäni. Senden gorkýanlar meni görüp şatlanar, çünki Seniň sözüňe umyt bagladym. Ýa Reb, bilýärin: adyldyr Seniň hökümleriň, wepalylygyň sebäpli maňa ejir çekdirdiň. Öz bendäňe beren wadaňa görä, sadyk söýgiň maňa teselli bolsun. Rehim et, goý, men ýaşaýyn çünki kanunyň – keýpiköklügim. Tekepbirler, goý, utanja galsyn, çünki olar nähak ýere şyltak atdylar, men bolsa buýruklaryň barada oýa bataryn. Senden gorkýanlar düzgünleriňi bileri ýaly, goý, olar maňa öwrülsin. Utanja galmazym ýaly, kalbym parzlaryňda, goý, kämil bolsun. Halas edişiňe intizar bolup, janym örtenýär, men Seniň sözüňe umyt baglaýan. Seniň wadaňa intizar meniň gözlerim, «Haçan teselli berersiň?» diýip soraýan. Tüsseden zaýalanan meşik deý boldum, emma Seniň parzlaryňy men unutmadym. Seniň bendäň garaşmaly haçana çenli? Aňtaýjylaryma haçan çykarjak Sen hökümiňi? Tekepbirler maňa çukur gazdylar, olar Seniň kanunyňa görä ýaşamaýarlar. Seniň tabşyryklaryňyň bary ygtybarlydyr, maňa kömek et, olar nähak ýere azar berýärler. Olar meni tas ýok edipdi ýeriň ýüzünden, şonda-da buýruklaryňy men terk etmedim. Agzyňyň düzgünlerini saklap bilerim ýaly, Öz sadyk söýgiňde maňa ber ýaşaýyşy. Ýa Reb, Seniň sözüň göklerde baky berkarar boldy. Wepalylygyň dowam edýär nesillerboýy, Sen dünýäni gurduň, ol hem mäkäm dur. Ähli zat şu güne çenli belleýşiň dek dur, çünki olar Saňa gulluk edýärler. Eger kanunyň keýpiköklügim bolmadyk bolsa, ýok bolup giderdim gaýgy-gamymda. Asla unutmaryn buýruklaryňy, çünki olar arkaly maňa ýaşaýyş berdiň. Men Seniňki, meni halas et, çünki buýruklaryňa berdim men dykgat. Erbetler meni ýok etjek bolup, bukuda ýatýar, men bolsa düzgünleriň barada pikire batýan. Gördüm ähli kämillikleriň çäklidigini, emma Seniň tabşyryklaryň çendenaşa giň. Seniň kanunyňy juda söýýärin! Ol uzakly gün meniň oýlanmalarym. Seniň tabşyrygyň meni duşmandan paýhasly edýär, çünki ol elmydama meniň aňymda. Ähli halypalarymdan paýhasly boldum, çünki Seniň düzgünleriň – oýlanmalarym. Ýaşululardan-da köp aňlaýandyryn, çünki buýruklaryňy berjaý edýärin. Seniň sözüňi saklamak üçin, ähli ýaman ýoldan men gaça durdum. Seniň hökümleriňden ýüz öwürmedim, çünki maňa Sen tälim berdiň. Seniň wadaň maňa nähili süýji! Ol agzyma baldan-da süýji! Buýruklaryň arkaly boldum paýhasly, şonuň üçin ýigrenýärin her ýalan ýoly. Seniň sözüň – çyra aýaklaryma, ol – ýagtylyk meniň ýodama. Adalatly hökümleriňi berjaý ederin diýip, men kasam etdim we berjaý etdim. Men jebir-jepalar çekdim; Ýa Reb, Öz wadaňa görä ber ýaşaýyşy. Ýa Reb, gurbanlyk hökmünde kabul et alkyşlarymy hem-de öwret maňa adalatly hökümleriňi. Janym dyngysyz howp astynda bolsa-da, Seniň kanunyňy unutmaýaryn. Erbetler maňa duzak gursa-da, Seniň buýruklaryňdan azaşmaýaryn. Seniň düzgünleriň – baky mirasym, çünki olar meniň ýürek şatlygym. Seniň parzlaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm baky, ahyra çenli. Ikiýüzlüleri men ýigrenýärin, Seniň kanunyňy bolsa söýýärin. Sen meniň gizlenýän ýerim hem-de galkanym, men Seniň sözüňe umyt baglaýaryn. Eý, betkärler, menden aýrylyň, men Hudaýymyň tabşyryklaryny berjaý edeýin. Wadaňa görä meni söýgetle, goý, men ýaşaýyn, öz umydymdan hiç utanmaýyn. Maňa daýanç bol, halas bolaýyn, parzlaryňa elmydama dykgat bereýin. Parzlaryňdan azaşanlary Sen ret edýärsiň, çünki olaryň hilesi puçdur. Çöp-çör kimin taşlaýarsyň ýer ýüzündäki ähli erbetleri, şoňa üçin men söýýärin düzgünleriňi. Seniň wehimiňden titreýär tenim, men gorkýaryn hökümleriňden. Adalatly we hak işleri etdim, meni sütemkärlerimiň eline berme. Kepillendir Öz bendäňiň abadanlygyny, tekepbirler ezmesin meni. Halas edişiňe, dogry wadaňyň berjaý bolmagyna meniň gözlerim intizar galdy. Bendäňe sadyk söýgiňde gara, parzlaryňy öwret Sen maňa. Men Seniň bendäň, paýhas ber maňa, akyl ýetireýin düzgünleriňe. Indi Rebbiň hereket etmeli wagty, çünki ynsanlar bozdular Seniň kanunyňy. Men welin altyndan, sap altyndan-da köp söýýärin Seniň tabşyryklaryňy. Dogry saýýaryn ähli buýruklaryňy, ýigrenýärin her ýalan ýoly. Ajaýypdyr Seniň düzgünleriň, şonuň üçin olary berjaý edýärin. Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär. Tabşyryklaryňa bolan küýsegden ýaňa, agzymy açamda-da, howa ýetmeýär maňa. Adyňy söýýänlere edişiň ýaly, nazar salyp, maňa merhemet eýle. Öz wadaňa görä mäkäm et ädimlerimi, hiç bir ýamanlyk üstümden höküm sürmesin. Ynsan süteminden azat et meni, men Seniň buýruklaryňy berjaý edeýin. Bendäňiň üstüne saç ýüzüň nuruny, maňa öwret Öz parzlaryňy. Gözlerimiň ýaşy sil deýin akýar, çünki ynsanlar kanunyňy berjaý etmeýär. Ýa Reb, Sen – dogry, Seniň hökümleriň hem adalatly. Seniň buýran düzgünleriň adyl hem-de juda wepaly. Yhlasym meni ýakyp-ýandyrýar, çünki duşmanlarym unudýar Seniň sözüňi. Seniň wadaň örän ygtybarlydyr, Seniň bendäň ony söýýändir. Äsgerilmän, kemsidilsem-de, unutmaýaryn buýruklaryňy. Seniň dogrulygyň – baky dogrulyk, Seniň kanunyň hem hak. Muşakgat we külpet üstüme indi, şonda-da tabşyryklaryňdan lezzet alýaryn. Seniň düzgünleriň dogry asyrlarboýy, maňa paýhas ber, goý, men ýaşaýyn. Tutuş ýüregim bilen perýat edýärin, Ýa Reb, maňa jogap ber, men parzlaryňy berjaý edeýin. Seni çagyrýaryn, meni halas et, düzgünleriňi berjaý edeýin. Gün dogmanka turup, perýat edýärin, Seniň sözüňe umyt baglaýaryn. Seniň wadaň barada oýlanmak üçin, gözlerim uzakly gijäni oýa geçirdi. Öz sadyk söýgiňe görä eşit sesimi, ýa Reb, adalatyňa görä maňa ber ýaşaýyşy. Meni ýaman niýet bilen yzarlaýanlar ýakyna geldi, olar Seniň kanunyňdan uzakdadyrlar. Emma Sen ýakynsyň, ýa Reb. Seniň tabşyryklaryň ählisi hakdyr. Bilýärdim ozaldan bäri: Seniň düzgünleriň baky berkarar. Jebir-jepamy gör-de, halas et meni, çünki unutmaýan men kanunyňy. Hakymy alyp ber, azat et meni, wadaňa görä maňa ber ýaşaýyşy. Halas bolardan uzakdyr erbetler, çünki olar agtarmaýar Seniň parzlaryňy. Ýa Reb, ägirt Seniň rehimiň, maňa adalatly hökümleriňe görä ber ýaşaýyşy. Meni aňtaýanlar hem-de duşmanlarym köp, emma şonda-da düzgünleriňden çykýan däldirin. Ýigrenç bilen garaýaryn men dönüklere, olar buýruklaryňy berjaý etmeýär. Gör, nähili söýýärin buýruklaryňy! Sadyk söýgiňe görä ber ýaşaýyşy. Ýa Reb, hakykatdyr Seniň sözleriň! Adalatly hökümleriňiň bary asyrlarboýy. Şazadalar meni nähak ýere aňtaýar, emma ýüregim Seniň sözüňden gorkýar. Uly hazyna edinen kimin, Seniň wadaňa begenýärin men. Ýalany ýigrenip, ony nejis saýýaryn, men Seniň kanunyňy söýýärin. Seniň adalatly hökümleriň üçin, günde ýedi gezek Seni şöhratlandyrýaryn. Uly abadanlyk bar kanunyňy söýýänler üçin, olar asla büdremez. Ýa Reb, halas edişiňe umyt baglaýaryn, tabşyryklaryňy berjaý edýärin. Kalbym berjaý edýär düzgünleriňi, men olary juda söýýärin. Berjaý edýärin buýruklaryňy, düzgünleriňi, çünki meniň ähli ýollarym mälimdir Saňa. Ýa Reb, perýadym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä maňa düşünje ber. Ýalbaryşym, goý, Saňa ýetsin, Öz wadaňa görä meni halas et. Dilim öwgüler saçar, çünki maňa parzlaryňy öwretdiň; dilim Seniň wadaňy nagma ediner, çünki tabşyryklaryňyň ählisi dogry. Seniň eliň maňa, goý, ýardam bersin, çünki tabşyryklaryňa tabyn bolmagy men karar etdim. Ýa Reb, halas edişiňi küýseýärin men, Seniň kanunyňdan lezzet alýaryn. Goý, köňlüm ýaşasyn, Seni şöhratlandyrsyn, Seniň adalatly hökümleriň maňa, goý, kömek bersin. Ýiten goýun kimin azaşdym, gözle bendäňi, çünki tabşyryklaryňy unutmaýaryn. Eý, akmak galatýalylar! Siziň gözüňizi kim baglady? Men size Hoş Habary wagyz edenimde, haça çüýlenen Isa Mesihi hut öz gözüňiz bilen görýän ýalydyňyz ahyryn! Men sizden diňe bir zady soramakçy: siz Mukaddes Ruhy Kanuny berjaý edip aldyňyzmy? Elbetde, ýok! Siz Mukaddes Ruhy eşiden Hoş Habaryňyza iman edeniňiz üçin aldyňyz. Siz Mukaddes Ruh bilen başlap, indi-de öz ynsan güýjüňiz bilen kämil boljak bolýaňyzmy? Eýsem siz şeýle akmakmy?! Eýsem başdan geçirenleriňiziň bary biderek bolaýdymyka? Wah, elbetde biderek däl! Hudaý size Öz Ruhuny berip, araňyzda köp gudratlary görkezdi. Ol bulary Mukaddes Kanuny berjaý edeniňiz üçin däl-de, Hoş Habary eşidip, oňa ynanandygyňyz üçin etdi. Geliň, Ybraýymy ýada salalyň: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady». Şoňa görä-de, şuny bilip goýuň: iman edenler Ybraýymyň hakyky neslidir. Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi. Şunlukda, iman edýän her kes iman guly bolan Ybraýym bilen bile ýalkanýandyr. Emma Mukaddes Kanuny doly berjaý etmelidir öýdüp, oňa daýanýanlar nälet astyndadyr. Çünki: «Bu Kanun kitabyny doly ýerine ýetirmedik adama, goý, nälet bolsun!» diýip ýazylgydyr. Hudaýyň huzurynda hiç kim Mukaddes Kanun arkaly aklanyp bilýän däldir. Bu mese-mälim zat, sebäbi «dogruçyl iman arkaly ýaşar» diýip ýazylgydyr. Mukaddes Kanuny berjaý etmek bolsa imana bagly däldir. Emma «ony berjaý edýän adam aman galar». Mesih Kanunyň yglan eden näletini Öz üstüne alyp, bizi şol näletden halas etdi. Çünki Töwratda: «agaçdan asylan her kes näletlenendir» diýip ýazylgydyr. Hawa, Isa Mesih bularyň baryny Ybraýyma berlen ýalkanyşyň Özi arkaly başga milletlere hem ýaýramagy üçin, iman arkaly wada berlen Mukaddes Ruhy alyp bilmegimiz üçin etdi. Eý, doganlar! Men gündelik durmuşdan bir mysal getireýin: ynsanlaryň özara ylalaşyp baglaşan ähtini hiç kim bozup-da, oňa zat goşup-da bilmeýär. Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir. Şeýlelikde, men size şuny aýtmakçy: dört ýüz otuz ýyl geçenden soň berlen Mukaddes Kanun bu ähti bozup-da, Hudaýyň wadasyny ýatyryp-da bilýän däldir. Miras kanun boýunça däl-de, wada boýunça berilýändir. Hudaý bu mirasy Ybraýyma peşgeş berdi. Çünki Hudaý oňa wada beripdi. Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi. Ýeke-täk biriniň bolan ýerinde bolsa töwellaçy gerek bolmaýar. Hudaý hem ýeke-täk bolany üçin, wadasyny töwellaçy arkaly däl-de, gönüden-göni beripdi. Diýmek, Mukaddes Kanun Hudaýyň wadasyna garşy çykýar-da?! Elbetde, ýok! Ýöne Kanun bize ýaşaýyş berip bilmeýär ahyryn. Muňa görä, ol arkaly dogrulygy-da gazanyp bilmeýäris. Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär. Biz Isa Mesihe iman etmezden öň Mukaddes Kanunyň guludyk, gelejekki iman aýan bolýança, bu Kanunyň tussagydyk. Şunlukda, biz iman arkaly aklanyp biler ýaly, Mukaddes Kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy. Biz indi Isa Mesihe iman edýäris. Şonuň üçin-de, biz mundan beýläk Kanunyň gözegçiliginde däldiris. Siziň baryňyz Isa Mesihe degişli bolup, Oňa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň perzentlerisiňiz. Çünki suwa çümdüriliş arkaly Isa Mesih bilen birigen siziň baryňyz indi Oňa beslenensiňiz. Indi ýahudy däl bilen ýahudynyň, gul bilen erkin adamyň, erkek bilen aýalyň arasynda hiç bir parh ýokdur. Isa Mesihe degişli bolanyňyz üçin, indi baryňyz birsiňiz. Eger siz Mesihe degişli bolsaňyz, onda Ybraýymyň neslisiňiz we berlen wada görä mirasdüşersiňiz.
Выбор основного перевода