Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi. Şundan soň, Musa hasasyny asmana uzatdy we Reb gök gürledip doly ýagdyrdy, ýyldyrym çakyp, ýere ot düşdi. Şeýdip, Reb Müsürde güýçli doly ýagdyrdy. Doly ýagýarka, doly bilen bir wagtda ýyldyrym çakyp, yzy üzülmän ýere ot düşüp durdy. Müsürliler millet bolaly bäri, onuň tutuş ýerinde hiç haçan şeýle güýçli doly ýagmandy. Doly tutuş Müsüriň meýdanlaryndaky ähli zatlary: adamlary we mallary weýran etdi, ol her bir ekin meýdanyny sandan çykardy. Şeýle hem, meýdandaky hemme agaçlaryny syndyrdy. Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy, ýurtlaryndaky agaçlary çym- -pytrak etdi.
Выбор основного перевода