Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda, siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler. Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň. Bu daşlar siziň üçin ýadygärlik bolsun. Geljekde çagalaryňyz sizden bu daşlaryň nämäni aňladýandygyny soranlarynda, bular size subutnama bolar. Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar». Zürýatlary Oňa gulluk ederler, Taňrynyň adyny geljek nesle yglan ederler, «Taňry muny berjaý etdi» diýip, Onuň halas ediş hakykatyny indi doguljaklara yglan ederler. Eý, Hudaý, ýaşlygymdan maňa terbiýe berdiň, men heniz-de gudratlaryňy beýan edýärin.
Выбор основного перевода