Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onsoň Reb Iýerusalimiň garşysyna Babyl patyşasyny çozdurdy. Babyllylar mukaddes öýünde ýaşlaryny gylyçdan geçirdiler; ýigitlerdir gyzlara, gojalardyr saçy agaranlara olar rehim etmediler. Reb olaryň baryny Babyl patyşasynyň eline berdi. Öz halkyny gylyja berdi, Öz saýlan halkyna dergazap boldy. Ýigitlerini ot ýalmap ýuwutdy, gyzlaryna toý aýdymlary aýdylman galdy. Munuň üçin men Rebbiň gazabyndan doludyryn, gaharymy saklamakdan halys irdim». «Ony köçedäki çagalaryň, toplanan ýigitleriň üstüne dök. Är-aýalyň ikisini-de tutup äkiderler, garrydyr goja-da olardan sypmaz. Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“. Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň. Mundan beýläk ýurduň ilatyna haýpym gelmez, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men olaryň her birini goňşusynyň hem-de patyşasynyň eline bererin. Olar ýurdy weýran ederler. Men ýeke adamy-da olaryň elinden halas etmerin».
Выбор основного перевода