Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Ýeşuwa we Ysraýylyň ýaşululary ýakalaryny ýyrtyp, özlerini ýüzinligine ýere oklap, başlaryndan gum sowrup, Rebbiň Äht sandygynyň öňünde tä agşama çenli ýas tutup ýatdylar. Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan kül sowurdylar. Eýýubyň dostlary ýedi gije-gündizläp onuň bilen bile ýerde oturdylar. Derdi juda çökder bolansoň, hiç kim oňa söz gatmady. Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar. Siona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular. Olar jul geýerler, olary howsala gaplar. Hemmäniň ýüzi utançly bolar, ähli başlaryň saçy syrylar. Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar. Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler. Şol gün köşk aýdymlary ahy-nala öwrüler. Ähli ýer taşlanan jesetlerden dolar. Ümsüm boluň!» Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода