Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Sion boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär. Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär? Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy. Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?» Reb şeýle diýýär: «Seniň ýaraňy bejerip bolmaz, derdiň gutulgysyzdyr. Seniň dawaňy çözüp berjek ýok; ýaraňa şypa berjek melhem ýok. Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim. Näme ýaraň üçin perýat edýärsiň? Derdiňe şypa tapylmaz. Ýazygyňyň çökderdigi zerarly, günäleriňiň sansyzdygy sebäpli seni şu güne saldym. Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Sur! Men saňa garşydyryn. Deňiz tolkunlarynyň ýokary galşy ýaly, Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn.
Выбор основного перевода