Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Gaty gygyr, çekinme! Sesiňi surnaý kimin gatalt! Halkyma ýazyklaryny, Ýakubyň nesline günälerini yglan et. Ruhanylar: ‘Reb hany?’ diýip soramadylar. Kazylar Meni tanamadylar, ýolbaşçylar Maňa garşy pitne turuzdylar, pygamberler Bagal butunyň adyndan pygamberlik edip, biderek zatlaryň yzyna eýerdiler. pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?» Bu halk ýa-da bir pygamber, ýa bolmasa bir ruhany senden: „Rebden gelen pygamberlik ýüki näme?“ diýip sorasa, sen olara: „Siziň özüňiz ýük ahyryn. Men sizi terk ederin“ diýip jogap ber. Muny Reb aýdýandyr. Eger bir pygamber, ruhany ýa-da halkyň içinden biri „Bu Rebden gelen pygamberlik sözi“ diýse, ol adamy hem, onuň tutuş hojalygyny hem jezalandyraryn. Emma mundan beýläk Rebden gelen pygamberlik sözüni agzamarsyňyz, çünki her kes öz sözüni pygamberlik sözi diýip saýýar. Şeýdip, siz diri Hudaýyň, Hökmürowan Hudaýymyz Rebbiň sözlerini ýoýduňyz. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň. Olar size Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym, muny Reb aýdýandyr“. Onuň içindäki hökümdarlary arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler. Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diýýärler.
Выбор основного перевода