Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Onuň kemançylary daşymy gurşaýar, rehimsizlik bilen böwrümi deşýär, ödümi ýere dökýär. Gözlerimiň nury öçdi gussa zerarly, küteldi ähli duşmanlarym sebäpli. Men suw kimin döküldim, bogun-bogun söküldi ähli süňklerim, mum kimin meniň ýüregim gursagymda pagyş-para eredi. Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden pürepür olar. Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy? Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär. Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar. Süýt emýän çaganyň dili teşnelikden damagyna ýapyşýar. Çagalar çörek diläp ýalbarýarlar, emma hiç kim hiç zat bermeýär.
Выбор основного перевода