Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Belent, gözel Sion dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Sion dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr. Gözelligiň naýbaşy bolan Siondan Hudaý parlaýar. Rebbiň ol barada aýdan sözleri şudur: Sion boý gyzy ýigrenç bilen seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy seniň üstüňden gülýär. Olar bu ýurdy elhençlige, ebedilik masgaraçylyga öwürdiler. Ondan geçýänleriň baryny gorky basar, olar geň galyp, başlaryny ýaýkarlar. Men bu şäheri harabaçylyga öwrüp, ryswa ederin. Ol ýerden geçýänleriň baryny gorky basar we onuň başyndan inen ähli bela-beterler sebäpli oňa sykylyk çalarlar. Töweregiňizdäki milletleriň arasynda we ähli ötegçileriň gözleriniň alnynda, sizi weýrançylyga we masgaraçylyga sezewar ederin. Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes ony masgaralap, ellerini salgaýarlar. Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a.
Выбор основного перевода