Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwudar ol ot, daglaryň binýadyny ýakyp kül eder. Eger kimdir biri toba etmese, Hudaý Öz gylyjyny ýitelder; ýaýynyň kirşini çekip, ony çenändir. Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar. Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler. Munuň üçin Men – Hökmürowan Reb şeýle diýýärin: „Ine, Men gahar-gazabymy bu ýeriň, ynsandyr haýwanlaryň, meýdandaky agaçlaryň, topragyň hasylynyň üstüne dökerin. Ol ot bolup tutaşar we söndürilmez“. Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim. Ol ýaýyny çekdi, meni okuna nyşan edindi. Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi. «Eý, ynsan ogly! Men olaryň güýjüni, gözellik şatlygyny, göz guwanjyny, janlarynyň perwaz urýan zadyny, ogul-gyzlaryny olardan alan günüm bu beladan gaçyp gutulan biri gelip, muny saňa habar berer.
Выбор основного перевода