Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer. Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda otyrdy. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar. Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» Onsoň şägirtler Isadan: «Näme üçin halka tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýip soradylar. Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler. Şeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz, seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz. Bu halkyň ýüregi küteldi, gulaklary ker açdy, gözleri gapyldy. Ýogsam gözleri bilen görüp, gulaklary bilen eşiderdiler, aňlary bilen aňlap, Maňa tarap dolanardylar, Men hem olara şypa bererdim“. Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär. Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler. Indi daýhan hakyndaky tymsalyň manysyny diňläň: kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur. Daşly ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýändir. Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer. Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar. Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär». Isa olara başga bir tymsal hem gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy öz atyzynda oňat tohum eken adama meňzeýär. Hemmeler ýatyrka, onuň duşmany gelip, bugdaýlaryň arasyna haşal ot ekip gidýär. Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar. Ýer eýesiniň hyzmatkärleri onuň ýanyna gelip: „Hojaýyn, sen atyzyňa oňat tohum sepmänmidiň? Bu haşal otlar nireden peýda bolduka?“ diýip soraýarlar. Hojaýyn: „Bu duşmanyň işidir“ diýip jogap berýär. Hyzmatkärleri: „Gidip, olary sogrup taşlamagymyzy isleýäňmi?“ diýip soraýarlar. Emma hojaýyn: „Ýok, haşal oty sogurjak bolup, bugdaýy hem köki bilen goparmagyňyz mümkin. Goý, oraga çenli olaryň ikisi-de bile ösübersin. Orak döwri men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, ýakar ýaly edip desseläň. Bugdaýy bolsa meniň ammaryma üýşüriň diýerin“» diýip jogap berýär. Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy bir adamyň öz melleginde eken gorçisa tohumyna meňzeýändir. Ol ähli tohumlaryň içinde iň ownugydyr, emma öseninden soň welin, beýleki ösümlikleriň barysyndan belent bolup, agaja öwrülýär. Hatda guşlaram onuň şahalarynda höwürtgeläp bilýärler». Isa olara başga bir tymsaly-da gürrüň berdi: «Gögüň Şalygy hamyrmaýa meňzeýändir. Bir aýal üç kersen una birje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär». Isa bu zatlaryň baryny halka tymsallar bilen aýdýardy. Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy. Bu pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi: «Men size tymsal aýdyp bereýin, dünýä ýaradylaly bäri gizlin galan syrlary beýan edeýin». Onsoň Isa halky ugradyp, öýe girdi. Şägirtleri Onuň ýanyna gelip: «Haşal otlar hakdaky tymsaly bize düşündirip bersene» diýdiler. Ol şeýle jogap berdi: «Oňat tohumy ekýän Ynsan Ogludyr. Ekin meýdany bolsa dünýädir. Oňat tohum Gögüň Şalygynyň perzentleridir. Haşal otlar bolsa şeýtanyň perzentleridir. Haşal otlary eken duşman – şeýtandyr. Orak döwri – dünýäniň ahyrydyr, orakçylar bolsa perişdelerdir. Şeýlelik bilen haşal otlar nähili ýyglyp, otda ýakylýan bolsa, dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Ynsan Ogly Öz perişdelerini iberer, olar-da günä duçar edýän ähli zatlary, erbetlik edýänleri Onuň Şalygyndan ýygnarlar. Olar bulary lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar. Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» «Gögüň Şalygy ekin meýdanynda gizlenen hazyna meňzeýändir. Bir adam ony tapyp alýar, soňra ony gaýtadan gizleýär we begenip baryp, ähli zadyny satýar-da, ýaňky ekin meýdany satyn alýar. Mundan başga-da, Gögüň Şalygy owadan dür agtarýan täjir ýalydyr. Ol gymmatbaha bir düri tapyp, ähli zadyny satýar-da, ony satyn alýar. Şeýle hem, Gögüň Şalygy deňze taşlanyp, her hili balygy ýygnaýan tor ýalydyr. Tor dolanda, ony kenara çekýärler. Onsoň oturyp, oňat balyklary sebetlere salýarlar, erbetlerini hem zyňyp goýberýärler. Dünýäniň ahyrynda hem şeýle bolar. Perişdeler gelip, erbetleri dogry adamlardan aýryp, lowlap duran kürä taşlarlar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar». Ogly gören we Oňa iman eden her bir adamyň baky ýaşaýşa gowuşmagy Atamyň yradasydyr. Men-de bu adamlary ahyrky gün gaýtadan direlderin». Eger buýruklarymy berjaý etseňiz, Meniň dostlarym bolarsyňyz. Çünki Hudaý olary ezelden saýlap--seçdi we Ogluna meňzetmegi owaldan karar etdi. Ol muny Isa Mesihiň köp sanly doganlarynyň arasynda nowbahar bolmagy üçin amal etdi. Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys. Ynsanlary mukaddes edýän Isa we Ol arkaly mukaddes edilenler indi bir maşgala degişlidir. Şonuň üçin hem Isa olara dogan diýmekden utanmaýar.
Выбор основного перевода