Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. Ähli halklar, milletler we uruglar oňa gulluk etsinler diýip, oňa hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berildi. Onuň hökümdarlygy sowulmaz baky hökümdarlykdyr. Patyşalygy hiç wagt ýykylmajak patyşalykdyr». Ol Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez. Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berdi. Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi. Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.
Выбор основного перевода