Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz olary miwelerinden tanarsyňyz. Tikenden üzüm ýa-da ýandakdan injir ýygylýarmy? Şonuň ýaly-da her bir oňat agaç oňat miwe berýändir, erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. Oňat agaç erbet miwe, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez. Oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanýandyr. Şeýlelik bilen, galp pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz. «Oňat agajyň erbet miwe bermeýşi ýaly, erbet agaç-da oňat miwe bermez. Agaç öz miwesinden tanalýandyr. Sebäbi ýandakdan injir, çalydan-da üzüm ýygylýan däldir.
Выбор основного перевода