Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler. Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi. Beýlekiler hem Ony synamakçy bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler. Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler. Olar ýene-de: «Görüp, Saňa iman ederimiz ýaly, Sen nähili gudratly alamat görkezersiň? Hany, näme edersiň? Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar.
Выбор основного перевода