Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeba melikesi Süleýmanyň Rebbe goýýan hormatynyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdardaky altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary sorady. Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, olaryň egin-eşiklerini, onuň sakylaryny, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa onuň ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidişimden has artyk eken. Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi. Şeba melikesi Süleýmanyň at-owazasyny eşidip, ony kyn sowallar bilen synamaga Iýerusalime geldi. Şeba melikesi ummasyz baýlyk, hoşboý ysly zatlar, köp mukdarda altyn we gymmatbaha daşlar ýüklenen düýeler bilen Iýerusalime geldi. Ol Süleýmanyň ýanyna gelip, ýüregine düwen ähli sowallary hakynda onuň bilen söhbetleşdi. Süleýman onuň ähli sowallaryna jogap berdi. Patyşa onuň ýekeje sowalyny-da jogapsyz galdyrmady. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Şeba melikesi Süleýmanyň paýhasyny, onuň guran öýüni, saçagyndaky näz-nygmatlary, emeldarlarynyň ýaşaýan ýerlerini, hyzmatkärleriniň hyzmatyny, onuň sakylaryny, olaryň egin-eşiklerini, Rebbiň öýünde berýän ýakma gurbanlyklaryny görende, onuň bu zatlara akyly haýran boldy. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. Ol patyşa şeýle diýdi: «Ýurdumda işleriň hakda, parasatyň hakda eşiden sözlerim dogry eken, ýöne men gelip, öz gözlerim bilen görýänçäm, aýdylanlara ynanmadym. Maňa danalygyňyň hatda ýarysyny hem aýtmandyrlar. Seniň pähim-paýhasyň, rowaçlygyň meniň eşidenimden has artyk eken. Seniň halkyň nähili bagtly! Hemişe huzuryňda bolup, pähim-paýhasyňy eşidýän emeldarlaryň nähili bagtly! Senden hoşal bolup, Hudaýyň Rebbiň patyşasy bolmagyň üçin seni Öz tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Hudaý Ysraýyly söýensoň, ony ebedilik berkarar etmek üçin, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi». Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdarda hoşboý ysly zatlar heniz berilmändi. Huramyň we Süleýmanyň Opyrdan altyn getiren hyzmatkärleri mundan başga-da sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdiler. Patyşa sandal agajyndan Rebbiň öýüne, patyşanyň köşgüne basgançaklar, aýdymçylar üçin liradyr arfalar ýasady; beýle saz gurallary Ýahudada henize çenli görlüp-eşidilmändi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniň göwnüniň islän zadyny berdi. Süleýman oňa özüne getiren zatlaryndan has köp zatlary berdi. Şeýdip, Şeba melikesi emeldarlary bilen öz ýurduna dolandy. Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar.
Выбор основного перевода