Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar. Emma Isanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelen sinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerde geliň» diýdi. Isa fariseýlerden we Töwrat mugallymlaryndan: «Sabat güni bir hassa şypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýip sorady. Munuň üçin ýahudylaryň baştutanlary sagalan adama: «Bu gün Sabat güni, saňa düşegiňi götermek gadagan» diýdiler. Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz?
Выбор основного перевода