Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz? Şunlukda, gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. Siziň başyňyzdaky saçyňyz hem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatlysyňyz. Gargalara serediň, olar ne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-de urulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär. Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! Ýaňky adam şobada sagalyp, düşegini aldy-da, ýöräp başlady. Bu waka Sabat güni bolup geçdi. Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz? Isanyň palçyk ýasap, onuň gözlerini açan güni Sabat günüdi.
Выбор основного перевода