Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir gün Ahazýa Samariýa şäherindäki köşgüniň ýokarky gatyndaky penjireden ýykylyp, şikeslendi. Onsoň ol: «Gidiň-de, Ekron hudaýy Bagalzebupdan soraň, men bu şikesden gutulyp bilerinmi?» diýip çaparlar ýollady. Emma fariseýler: «Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary arkaly kowup çykarýar» diýişdiler. Şägirdiň öz halypasy ýaly, guluň öz hojaýyny ýaly bolmagy ýeterlikdir. Eger öý eýesine Beýelzebul diýýän bolsalar, onda onuň içerisindäkilere ondan hem beter zat diýmezlermi?! Mähelle Oňa: «Sen jynly, kim Seni öldürjek bolýar?» diýdi. Ýahudylar Oňa: «Seni jyn urandygyny indi anyk bildik. Ybraýym-da, pygamberler-de öldi. Emma Sen: „Meniň sözüme uýýan adam hiç haçan ölmez“ diýýärsiň. Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi.
Выбор основного перевода