Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar. Mukaddes öý üçin uzynlygy we ini bäş ýüz tirsek bolan inedördül meýdan we onuň töwereginde bolsa elli tirseklik açyk meýdan bolar. Mukaddes bölekden uzynlygyny ýigrimi bäş müň tirsek, inini on müň tirsek edip bir bölegi ölçe; bu mukaddes öý, ýagny örän mukaddes ýer bolar. Ýurduň bu mukaddes paýy mukaddes öýde Rebbe hyzmat etmek üçin ýakynlaşan ruhanylar üçindir. Bu bölekde olaryň öýleri bolar we mukaddes öý üçin mukaddes ýer bolar. Uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini on müň tirsek ýer bolan beýleki bölüm Hudaýyň öýünde hyzmat edýän lewilere ýaşaýyş şäherlerini gurmak üçin mülk bolar. Mukaddes bölegiň gapdalynda şäher mülküni belläň; onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini bäş müň tirsek bolsun. Bu tutuş ysraýyl halkyna degişli bolar.
Выбор основного перевода