Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Musa gündogardaky manaşa tiresine onuň aýry-aýry uruglaryna görä ýer paýlap beripdi. Olaryň tutýan ýerleri Mahanaýym, tutuş Başan, Başan hany Oguň ähli hanlygy, Ýaýyryň ähli galalary – jemi altmyş gala; Gilgadyň ýarysy, Aştarot we Edreý (Başan hany Oguň hanlyk eden galalary). Bular Manaşanyň ogly Makyryň nesilleri üçin olaryň uruglary boýunça berlen paý boldy. Şeýle hem, günbatardaky manaşa tiresi üçin bije atyldy. Manaşa Ýusubyň nowbahar ogludy. Manaşanyň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça onuň urugyna Gilgat we Başan berlipdi. Manaşa tiresiniň beýleki uruglarynyň: Abygezeriň, Helegiň, Asryýeliň, Şekemiň, Heperiň we Şemidanyň hem bije boýunça Iordan derýasynyň günbatar tarapynda paýlary bardy. Manaşanyň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selophadyň ogul perzendi ýokdy. Onuň diňe bäş gyzy bolup, olaryň atlary şulardyr: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa. Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa agalarymyzyň uruglary bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem bäş agasynyň uruglarynyň arasynda mülk berdi. Şeýlelikde, günbatardaky manaşa tiresine on paý ýer berildi. Sebäbi Manaşanyň gyz gowluklary hem ogul gowluklary bilen birlikde mülk aldylar. Manaşa tiresiniň beýleki uruglaryna Iordan derýasynyň gündogar tarapynda mülk berildi. Şeýlelikde, günbatardaky manaşa tiresine on paý ýer berildi. Sebäbi Manaşanyň gyz gowluklary hem ogul gowluklary bilen birlikde mülk aldylar. Manaşa tiresiniň beýleki uruglaryna Iordan derýasynyň gündogar tarapynda mülk berildi. Manaşa tiresiniň Iordan derýasynyň günbatarynda tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär. Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşa degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşanyň araçäginde ýerleşýärdi. Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşada ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşanyň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar. Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşa degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr. Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýurdy mülk hökmünde Ysraýylyň on iki tiresine görä böleniňizde, araçäk şu bolmalydyr: Ýusubyň nesli iki paý alar.
Выбор основного перевода