Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Üçünji gezek zebulun tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň mülk ýeriniň araçägi Saryda çenli uzalýar. Araçäk günorta Margala çenli gidip, Dabbeşede baryp ýetýär we Ýoknegamyň gündogar akymyna gelýär. Soň Saryddan yzyna gaýdyp, Günüň dogýan tarapyna Kislot-tabora gelýär. Ol ýerden Daberada gelip, Ýapyýa tarap ýokary çykýar. Ol ýerden gündogara Gathepere we Etkazyna tarap geçýär, soňra Rimmona tarap dowam edip, Nega tarap öwrülýär. Demirgazyk araçäk Hannatona tarap aýlanyp, Ýyptahel jülgesinde gutarýar. Katat, Nahalal, Şimron, Ýydala, Beýtullaham – obalary bilen bile on iki gala. Ine, bular Zebulun tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýeri, olaryň galalary we obalarydyr.
Выбор основного перевода