Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Malyň eýesi maly başga oňat mal bilen çalyşmaly däldir. Eger bir mal başga mal bilen çalşylaýan ýagdaýynda, olaryň ikisi-de Rebbe degişlidir. Rebbe bagyş edilen islendik zat: adam bolsun, haýwan bolsun ýa-da mülk berlen ýer bolsun – parhy ýok, ol satylyp ýa-da yzyna satyn alnyp bilinmez. Bagyş edilen her bir zat ebedilik Rebbe degişlidir. Iri mallaryň we dowarlaryň ondan birini, ýagny çopanyň sanaýan her onunjy maly Rebbe bagyş edilsin. Hiç kim şikesli maly sadaka bermesin. Şeýle hem mal çalşylmasyn. Eger ol çalşylaýsa, olaryň ikisem Rebbe degişli bolar. Siz olary yzyna satyn almaly dälsiňiz“». Rebbiň Sinaý dagynda ysraýyl halky üçin Musa beren buýruklary şulardan ybaratdyr. Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.
Выбор основного перевода