Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym. Mukaddes bölege düşen paý bilen şähere düşen paýyň iki tarapyndaky ýerler hökümdara berler. Ol günbatar tarapdan günbatara, gündogar tarapdan gündogara tarap uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy günbatar serhetden gündogar serhede çenli ysraýyl tireleriniň hersiniň paýy bilen deňdir. Ýahuda tiresiniň gündogardan günbatara çenli uzalýan ýerleri sadaka hökmünde Men–Rebbe berler. Onuň ini ýigrimi bäş müň tirsek bolup, uzynlygy gündogardan günbatara çenli paýlanan her bir tiräniň mülküne deň bolsun; mukaddes öý onuň ortasynda bolar. Bu ýeriň bir bölegi ruhanylara paý bolar; onuň demirgazyga tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, günbatara we gündogara tarap ini on müň, günorta tarap uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek bolar. Rebbiň mukaddes öýi onuň ortasynda bolar. Lewilere düşen paý bilen şähere düşen paý hökümdara berlen ýerleriň ortasynda galar. Hökümdara beriljek ýerler ýahuda tiresi bilen benýamin tiresiniň araçäkleriniň arasynda bolar.
Выбор основного перевода