Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýedinji gezek dan tiresiniň uruglarynyň bijesi çykdy. Olaryň paýyna düşen mülk ýerler şulardan ybarat: Sorga, Eştawol, Irşemeş, Şagalbyn, Aýalon, Ýytla, Eýlon, Timna, Ekron, Elteke, Gibeton, Bagalat, Ýehut, Beneýberak, Gatrimmon, Meýýarkon we Ýafonyň garşysyndaky ýerler bilen Rakon. Emma dan tiresine öz ýerlerini eýelemek agyr düşdi, olar Leşeme garşy söweşe çykyp, ony basyp aldylar. Olary gylyçlap öldürip, ýerlerini özlerine mülk edip aldylar we ol ýerde ýerleşdiler. Olar Leşeme Dan diýip, atalary Danyň adyny goýdular. Ine, bu bolsa dan tiresiniň uruglary boýunça alan mülk ýerleri, olaryň galalary we obalarydyr. Ýurduň araçägi şu bolar: demirgazyk tarapy Ortaýer deňzinden Hetlon ýoly bilen Lebohamada we Sedada çenli gelýär. Ol Berota we Damask bilen Hamadyň araçäginde ýerleşýän Sibraýyma, şeýle-de Hawranyň araçägindäki Haserhattikona çenli uzalýar. Araçäk deňizden Damask araçägindäki Hasareýnona çenli baryp, Hamadyň araçägi bilen demirgazyga tarap uzalýar. Bu demirgazyk tarapydyr. Gündogar tarapy Hawran bilen Damaskyň arasyndaky Gilgady Ysraýyldan aýyrýan Iordan derýasy boýunça uzalyp gidýär. Mundan gündogar deňzine gelip, Tamara çenli ölçäň. Bu gündogar tarapydyr. Günorta tarapy Tamardan Meribakadeş çeşmesine çenli bolup, Müsür derýasyndan Ortaýer deňzine baryp ýeter. Bu günorta tarapydyr. Günbatar tarapy Lebohamadyň garşysyndaky nokada çenli bolan Ortaýer deňzi bolar. Bu günbatar tarapydyr.
Выбор основного перевода