Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Efraýymlaryň uruglaryna görä alan ýerleriniň araçägi şular bolupdyr: olaryň mülk ýerleriniň gündogar araçägi Atarotaddar bolup, ol ýokarky Beýthorona çenli barýar. Ol ýerden araçäk Ortaýer deňzi bilen dowam edip, Mikmetadyň demirgazygyna gelýär we Tanatşylonyň gündogar tarapyna öwrülip, Ýanowanyň gündogaryndan geçýär. Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär. Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat. Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşalara degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýurdy mülk hökmünde Ysraýylyň on iki tiresine görä böleniňizde, araçäk şu bolmalydyr: Ýusubyň nesli iki paý alar.
Выбор основного перевода