Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz. Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan. Milletler dogrulygyňy, patyşalar şöhratyňy görerler; Rebbiň Öz agzyndan çykan täze at bilen atlandyrylarsyň. Şol döwür Iýerusalim Rebbiň tagty diýlip atlandyrylar we ähli milletler şol ýerde, Iýerusalimde Rebbiň huzuryna üýşerler. Mundan beýläk olar kesirlik bilen ýaman niýetlerine kowalaşmazlar. Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar. Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“. «Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“ diýdiň. Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin. Men olaryň arasynda mekan tutaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar. Mukaddes öýüm ebedilik olaryň arasynda ýerleşende, milletler Ysraýyly mukaddes edeniň Men-Rebdigimi bilerler». Ýaňky adam ýanymda durka, men öýden biriniň özüme söz gatýandygyny eşitdim. Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň tagtymyň we aýak dabanymyň ýeri, ysraýyl halkynyň arasynda ebedilik oturjak ýerim bu ýerdir. Mundan beýläk ysraýyl halky-da, olaryň patyşalary-da zyna edip, seždegählerinde patyşalarynyň heýkellerini oturtmak bilen Meniň mukaddes adymy haram etmezler. Men alaryn ganlarynyň hununy hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr». «Aýdym aýt, şatlan, eý, Sion gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb aýdýandyr. Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar. Bu şäherde indi asla nälet bolmaz. Hudaýyň we Guzynyň tagty bu şäherde bolar. Hudaýyň bendeleri Oňa hyzmat ederler.
Выбор основного перевода