Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň. Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň». Indi habardar boluň, pygamberleriň bu aýdanlary başyňyza gelmesin: „Serediň, eý, masgaralaýjylar, haýrana galyp, ýok boluň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz“». Pawlus bilen Barnap hem batyrgaýlyk bilen şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habary ilki size wagyz edilmelidi. Emma siz ony ret etdiňiz! Bu bolsa siziň baky ýaşaýşa mynasyp däldigiňizi subut edýär. Şonuň üçin biz keseki milletlere ýüzlenýäris. Ýaşaýyş ýörelgäňe we öwredýän taglymatyňa üns ber. Bu işleri erjellik bilen amal et. Şonda sen özüňi-de, diňleýjileriňi-de halas edersiň.
Выбор основного перевода