Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut şäher derwezesiniň içki hem daşky gapylarynyň arasynda otyrdy. Şol wagt gözegçi derwezehananyň ýokarsyna, diwara çykyp seretdi we kimdir biriniň ylgap gelýändigini gördi. Gözegçi gygyryp, muny patyşa habar berdi. Patyşa: «Eger ol ýeke bolsa, buşluk getirýändir» diýdi. Ol barha golaýlaşýardy. Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi. Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz. Onsoň sürgün edilen ildeşleriň ýanyna git-de, olara aýt. Isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“ diý». Eý, gylyç, oýan çopanymyň garşysyna! Oýan ýakynymyň garşysyna. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr. Çopany ur, goý, dargasyn goýunlar. Men elimi kiçileriň garşysyna galdyraryn.
Выбор основного перевода