Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar agyzlary bilen Oňa ýaranýardylar, emma dilleri bilen ýalan sözleýärdiler. Ýürekleri bolsa Oňa sadyk däldiler, olar Onuň ähtine biwepadylar. Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar. Ol köp zatlary görýär, emma üns bermeýär, gulaklary açyk, ýöne eşitmeýär. Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy? Sürgünde bolýan wagtymyzyň altynjy ýylynyň altynjy aýynyň bäşine öýümde Ýahuda ýaşululary bilen otyrkam, Hökmürowan Reb elini meniň üstüme goýdy. Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi meniň alnyma gelip oturdy. Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynyň onuna Ysraýyl ýaşulularyndan birnäçesi Rebden maslahat soramak üçin gelip, meniň garşymda oturdy. Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar. Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.
Выбор основного перевода