Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn. Mundan beýläk hiç kim öz garyndaşyna ýa-da dost-ýarlaryna: „Rebbi tanaň!“ diýip öwretmez, sebäbi olaryň uludan-kiçä hemmesi Meni tanar. Men olaryň etmişlerini bagyşlaryn, indi günälerini ýatlamaryn». Muny Reb aýdýandyr. Onuň eden ähli jenaýatlary barada ýatlanman, ol eden dogry işlerinde ýaşar. Erbet adam-da eden erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol adam öz janyny halas eder.
Выбор основного перевода