Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çünki ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük deý maňa agramyn saldy. Sen günälerimizi goýduň öňüňde, gizlin günälerimizi – Öz gözleriňiň alnynda. Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar. Onsoň olar çörek bilen suwa zar bolup, biri-birlerine gorky bilen seredişerler we öz etmişleriniň astynda heläk bolarlar» diýdi. «Näme üçin siz Ysraýyl ýurdy hakynda „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýen nakyly aýdýarsyňyz? Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“. Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».
Выбор основного перевода