Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýylyň sakçylary kör, hiç zady bilmeýärler; ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir; olar ýatyp, düýş görýärler, uklamagy gowy görýärler. Doýanyny bilmeýän açgöz itlerdir olar. Olar düşünjesiz çopanlardyr; hersi öz ýoly bilen gidýär, her kes öz bähbidini araýar. Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“ diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin. Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“ diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn.
Выбор основного перевода