Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir? Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse we ölse, ol öz eden günäsi sebäpli öler. Erbet adam-da eden erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol adam öz janyny halas eder. Ýöne ysraýyl halky: „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýär. Eý, ysraýyl halky, Meniň ýollarym dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir? Eý, ynsan ogly, öz ildeşleriňe şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“. Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“ diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“ diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!»
Выбор основного перевода