Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň. Jan gandadyr. Emma siz ol maly gany bilen iýmeli dälsiňiz. Onuň ganyny suw döken ýaly edip, ýere döküň. Emma gaty seresap boluň, eti gany bilen iýmeli dälsiňiz, çünki gan jandyr. Siz gany et bilen iýmeli dälsiňiz. Ol daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna göz dikmez, goňşusynyň aýaly bilen zyna etmez ýa-da aýalynyň aýbaşyly wagtynda onuň bilen ýatmaz. Olaryň gözleri ata-babalarynyň butlarynyň yzyndadygy üçin, hökümlerimi ýerine ýetirmediler, parzlarymy ret etdiler we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, öz içinde gan döküp, weýrançylygyny taýýarlaýan şäher! Butlar ýasap, özüni haram edýän şäher! Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär. Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler.
Выбор основного перевода