Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn. Onsoň ähli Müsür ilaty Meniň Rebdigimi biler. Müsür halky ysraýyl halky üçin gamyşdan hasa boldy. Şonuň üçin hem Men saňa we seniň derýalaryňa garşydyryn; Men Migdoldan Sewene çenli, Efiopiýanyň serhedine çenli Müsür ýurduny bütinleý çöllüge we harabaçylyga öwrerin. Oňa adam aýagy basmaz, haýwan toýnagy sekmez; ol ýerde kyrk ýyllap hiç kim ýaşamaz. Men Müsüri haraba öwrülen ýurtlaryň hem iň harabasyna öwrerin, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolup, kyrk ýyllap haraba bolup ýatar. Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn».
Выбор основного перевода