Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“». Ýa-da ol ýurduň üstüne gylyç getirip: „Eý, gylyç, ýurduň içinden geç!“ diýsem, ondaky ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlasam, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babyl patyşasynyň gylyjy seniň depäňden iner. Babyl gerçekleri milletleriň iň elhenjidir, olaryň gylyjy bilen goşunyňy heläk ederin. Olar Müsüriň buýsanjynyň ýoguna ýanarlar, onuň bütin goşuny heläk bolar. Onuň ähli mal-garalaryny bol suwlaryň başyndan ýok ederin; mundan beýläk ynsan aýagy-da, haýwan toýnagy-da suwlary bulandyrmaz.
Выбор основного перевода