Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Faraonyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak. özlerine peýdasy bolmadyk halk zerarly utanja galar olar. Ne ýardam berýär bu halk, ne-de peýda berýär, gaýtam olary utanja we gyjalata goýýar». Şol arada faraonyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler. Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan faraonyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar. Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“. Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler! Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“». Faraonyň goşuny zerarly babyllylaryň goşuny Iýerusalimden yza çekilende, Babyllylar köp janlary gyrmak üçin berkitmeler salyp, ýapgytlar guranlarynda, güýçli goşuny we uly ýygny bolsa-da, faraon oňa söweşde ýardam etmez.
Выбор основного перевода